Mask eýýäm üstümizdäki ýylda uçýan Tesla Roadster elektrik awtoulagyny hödürlemegi wada berdi

  • 25.06.2024 13:39
  • 5.5k+

Ilon Mask ýokary göterilýän Tesla Roadster hakda ýene-de bir gezek çykyş edip, awtoulagyň ýerden 1-1,8 metr beýiklikde aýlanmagyna mümkinçilik berjek “raketa” tehnologiýasy bilen üpjün ediljekdigini tassyklady.

Telekeçi ozal 2017-nji ýylda Tesla Roadster-i yglan edip, awtoulagyň goşmaça enjamlaryň kömegi bilen uçup biljekdigini wada beripdi. 2021-nji ýylda Mask Roadster-iň gysylan sowuk gaz bilen işleýän 10 sany kiçijik raketa güýçlendirijisi bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.
Millioner: "Men bu zadyň adamlary öldürmän nädip gaýyp uçup biljekdigini anyklamaga synanyşýaryn" - diýdi.
Indi Teslanyň ýolbaşçysynyň aýdanlary has hakykata laýyk görünýär, sebäbi ol şu ýyl awtoulagy resmi taýdan hödürlemegi wada berýär we howada gaýýan elektrik awtoulagyny köpçülikleýin öndürilmek 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär.
Awtoulagyň bahasy entek kesgitlenmedi, ýöne azyndan 200 000 dollar bolar diýip çak edilýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......