Toyota we Volkswagen Hytaýda awtoulaglary uly arzanladyş bilen satýarlar

  • 25.06.2024 13:01
  • 10k+

Toyota we Volkswagen öndürijileri Hytaýda islegiň pesligi sebäpli köp modelleriň bahalaryny arzanlatdylar. 

Mysal üçin, Toyota Corolla arzanladyşdan öň, takmynan, 16 000 dollara durýardy, häzir dilerler ony 11 000 dollardan satýarlar. Camry barada aýdylanda, baha 23 600 dollardan 20 600 dollara çenli peseldi, şol bir wagtyň özünde dilerler bahany ýene-de peseltmäge taýýar diýip, autohome.com.cn belleýär. Maý aýynda Hytaýda bary-ýogy 7693 sany Toyota Corolla we 8681 sany Camry awtomobili satyldy.
Volkswagen hem arzanladyş hödürleýär, mysal üçin, Sagitar 5500 dollar arzanladyş bilen, bary-ýogy 11 700 dollara satylýar. Bellenilişi ýaly, öndüriji täzelenen model çykmazdan öň ammarlary tizräk arassalamaga çalyşýar.
Volkswagen Magotan hem 30 500 dollardan 18 200 dollara çenli arzanlady.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......