WSJ: Apple we Meta emeli aň pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

  • 24.06.2024 14:40
  • 1.4k+

Meta korporasiýasy bilen Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleri geçirdiler. Bu barada çeşmelere salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär.

Meta öz sanly önümlerini iPhone arkaly ýaýratmakda Apple-iň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Apple Meta korporasiýasyna we beýleki kompaniýalara Apple Intelligence tehnologiýasynyň üsti bilen öz hyzmatlaryna premium-ýazylyşygy satmagy teklip etdi. Apple integrasiýa üçin goşmaça töleg göz öňünde tutmaýar, ýöne ýazylyşykdan gelýän girdejileriň bir bölegini özüne galdyrmak isleýär.
Neşir gepleşikleriň heniz tamamlanmandygyny belleýär. Şertnama önümiň köpçülikleýin ýaýradylmagyna kömek eder, ýöne munuň maliýe nukdaýnazaryndan nähili peýdaly boljakdygy belli däl.
10-njy iýunda Apple kompaniýasy Apple Intelligence ady bilen özüniň emeli aň tehnologiýasyny hödürledi. Bu tehnologiýa täze gurallary, şol sanda tekst we şekil döredip biljek, dürli programmalardan maglumatlary alyp we seljerip biljek gurallary ulanmaga mümkinçilik berýär.
Meta, öz gezeginde, şu ýylyň aprel aýynda Llama 3 dil modelini hödürledi. Ol eýýäm kompaniýanyň ähli Meta platformalarynda işlemek üçin niýetlenen täzelenen Meta AI emeli aň kömekçisine girizildi.


25.06.2026 20:11
3.4k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......