Ilkinji gezek bökýän sülük surata düşürildi. Olarda bu ukybyň barlygy köp ýyllardan bäri jedellidi

  • 24.06.2024 13:06
  • 9.4k+

Amerikaly alymlar sülügiň azyndan bir görnüşiniň, ýagny Chtonobdella fallax-yň böküp bilýändiginiň subutnamasyny ýazgy etdiler. Bu, öň bar bolan, ýöne tassyklanmadyk gözegçilikleri subut edýär we ýüz ýyldan gowrak dowam eden ylmy jedeliň soňuna nokat goýýar diýip, Hi-Tech neşiri ýazýar.

Barlagçylar 2023-nji ýylda Madagaskara ekspedisiýa gidenlerinde sülükleriň agzalan görnüşiniň böküşini, göwresini sozup, giňişlikde adaty süýrenişinden düýpgöter başga görnüşde hereket edýändigini surata aldylar.
Chtonobdella fallax görnüşi, köplenç, Madagaskarda duş gelýär we dünýäniň dürli sebitlerinde giňden ýaýran sülükleriň toparyna degişlidir. Barlagçylar sülükleriň haçan we haýsy ýagdaýlarda bökýändigini anyk bilmeýärler, ýöne olaryň pikiriçe, beýle häsiýetiň olaryň beýleki garyndaş görnüşlerine-de mahsus bolmagynyň mümkindigini  belleýärler.
Alymlar sülügiň bökmek häsiýetine düşünmek bu  görnüşi gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe. Sebäbi bu gurçuklaryň gany, köplenç, oňurgaly haýwanlaryň biodürlüligini öwrenmek üçin ulanylýar.

"Sülükleriň eýelerini nädip tapýandygyny we olara nädip ýapyşýandygyny kesgitläp bilsek, içegesindäki zatlary seljermekden alnan netijelere has gowy düşünip bileris" - diýip barlagçylar belleýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....