Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamasyna belliklerini aýtdy

  • 24.06.2024 10:27
  • 11k+

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän dürli desgalar, hususan-da, Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy, onuň ýerleşjek ýerleri we gurluşyk işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Şeýle-de kärhananyň umumy görnüşiniň içki hem daşky bezeg aýratynlyklarynyň şekili görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri halyçylaryň zähmetiniň aýratynlyklaryny nazarda tutup, olaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.
Önümçilik toplumy birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda uly göwrümli halylar, tebigatyň görnüşlerini janlandyrýan halylar bölümi, surat halylar bölümi, portret we sowgatlyk halylar bölümleri döredilmelidir. Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap haly kärhanasynda ähli bölümler bilen bir hatarda, haly dokalanda ulanylýan gaýçy, syndy, keser, darak ýaly enjamlaryň hemişe gurat saklanmagy üçin, gadymy döwürlerden gelýän ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halyçylaryň ýörite ussahanasynyň hem bolmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynda türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary, reňkleriniň sazlaşygy baradaky maglumatlary özünde jemleýän interaktiw enjamyň oturdylmagy maksadalaýyk bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Onda halyçylyga degişli ähli maglumatlar elektron görnüşde toplanmalydyr, gyzyklanma bildirýän islendik adamyň onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmegi üçin şertler döredilmelidir. Haly önümleri dokalanda häzirki zaman dizaýnerçilik çözgütleriniň peýdalanylmalydygy hem nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumynyň çäginde ýörite bassyrmalaryň döredilip, olarda haly dokamak üçin şertleriň üpjün edilmelidigini belledi. Çünki halynyň erişleriniň, argajynyň açyk howadan täsirlenmeginde, Gün şöhlesiniň bolsa ajaýyp halylaryň reňk sazlaşygynda ähmiýetli bolýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ir döwürlerde haly dokalanda, otaglarda kakylýan daraklardan, tebigy boýaglardan tozan çykandygyny belläp, bu ýagdaýlary aradan aýyrmak bilen, häzirki wagtda ýörite kämil enjamlar arkaly haly dokalýan ýerde durnukly howany saklamaga mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyp, guruljak haly kärhanasynda-da şeýle enjamlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň taslamasy, onuň bezeg şekilleri bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Behişdi bedewleriň heýkelleriniň suw çüwdürimleri bilen utgaşýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri seýilgähde ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagyny, olaryň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna we görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde taslamalaryň we çyzgylaryň hatarynda görkezilýän lukmançylyk klasterine degişli düzümlere berlen halkara güwänamalaryň we olaryň haryt nyşanlaryna degişli bellige alyş resminamalarynyň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny belledi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde badalga alandygy we bu çäräniň degişli medeni maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. 29-njy iýunda “akylly” şäheriň dabaraly ýagdaýda açylmagyna bir ýyl dolýar. Şu mynasybetli täze şäherde baýramçylyk dabaralary meýilleşdirildi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.


düýn 19:40
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ugandanyň wekiliýeti bilen birnäçe meseleler maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okello bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 19:24
1.4k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

düýn 11:55
8.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

düýn 11:06
5k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen gepleşikler geçirdi

23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy...