ABŞ-da täsin şahly 5 tonnalyk dinozawr tapyldy. Oňa Lokiniň ady dakyldy

  • 23.06.2024 15:15
  • 26k+

ABŞ-nyň demirgazygyndaky Montana ştatynda äpet şahly dinozawryň täze görnüşi tapyldy. Deslapky çaklamalara görä, bu häli-häzire çenli tapylan iň uly görnüşdir. “PeerJ” žurnalyndaky habara görä, Lokiceratops rangiformis adyny alan dinozawryň daşa öwrülen galyndylary seratopsidler diýlip atlandyrylýan şahly dinozawrlar toparyna degişlidir.

Takmynan, 78 million ýyl ozal ýaşap geçen Lokiceratops uzynlygy 6,7 metre ýetýän, agramy 5 tonna töweregi bolan ot iýýän dinozawr bolupdyr. Uly göwresi we täsin galdyryjy şahlary ony şol döwürde ýaşap geçen, ot iýýän iň uly dinozawra öwürýär.
Dinozawra barlagçylar tarapyndan dakylan at, köplenç, kellesi şahly şekillendirilýän skandinaw taňrysy Lokini aňladýar (Marvel komiksiniň gahrymany şu mifologiki keşpden ylham alýar, hatda ol hakda Disneý + tarapyndan düşürilen serial hem bar).
Lokiceratops-yň tapylmagy bu sebitde bäşinji ýagdaý bolup, bu ýerde şeýle dinozawrlaryň köp bolandygyny görkezýär. Barlagçylar, Lokiceratops-yň ýaşaýyşy we onuň giçki hek döwrüniň  ekoulgamyndaky orny barada has giňişleýin maglumat almak üçin, tapylan galyndylary öwrenmegi dowam etdirýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....