Alymlar balyklaryň käbir görnüşleriniň çagalaryna ýaltalygy üçin temmi berýändigini anykladylar

  • 22.06.2024 18:52
  • 8.8k+

Ýaponiýanyň Osaka uniwersitetiniň alymlary Neolamprologus savoryi sihlid balygynyň öz jemgyýetinde tertip-düzgüni saklamak üçin fiziki jezany ulanýandygyny anykladylar. Olar “ýalta” çagalaryny öz territoriýasyny has işjeň  goramaga mejbur etmek üçin fiziki temmi ulanýarlar diýip, Animal Behavior ylmy žurnalynda çap edilen barlagyň netijelerinde aýdylýar .

Hünärmenler balyklaryň özüni alyp barşyna laboratoriýa şertlerinde syn etdiler we agalyk edýän balyklaryň territoriýany bilelikde goramakda has işjeň bolmaklaryny talap etmek üçin “ýalta” garyndaşlaryna, şol sanda öz nesillerine hüjüm edýändiklerini anykladylar. Görnüşi ýaly, şeýle hereketler öz miwesini hem berýär.
Haýbatdan soň balyklaryň has “mylaýym” bolandygy bellärliklidir - olar özlerini alyp barşyny üýtgetdiler we öz sebitlerine has yhlasly gözegçilik edip başladylar.
Barlagyň ýolbaşçysy Satosi Awatanyň belleýşi ýaly, barlag toparyň agzalarynyň arasynda belli bir tertibi kemala getirmekde temmi ulanmagyň diňe bir adamlara mahsus däldigini görkezdi.
Alym: "Bu ýagdaý, diňe bir balyklarda däl, eýsem bütin haýwanat dünýäsindäki akyl düşünjesine täzeden garamaga mejbur edýär" – diýip nygtady.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....