Tailandda hakyky deriniň ornuny tutjak material döredildi: ol ananasdan

  • 21.06.2024 11:12
  • 4.9k+

Tailandyň Mahidol uniwersitetiniň alymlary ananas ýapraklarynyň süýümlerinden tebigy derä täze ekologiýa taýdan arassa alternatiwany işläp taýýarladylar. “Ananas derisi” diýlip atlandyrylan material adaty deri material bilen deňeşdirip boljak berklige eýe we bar bolan wegan analoglaryndan öňe geçýär diýip, New Atlas ýazýar.

Ananas derisini öndürmek prosesi ýönekeý bolup, himiki önümleriň ýa-da plastigiň ulanylmagyny talap etmeýär. Ananasyň ýapraklary arassalanýar, ownadylýar we tebigy kauçuk bilen garylýar. Soňra alnan garyndy 70 gradus temperaturada basylýar we gaýtadan işlenýär. Netijede, ýyrtylma çydamly, çeýe material alynýar.
Synaglaryň netijesinde ananas derisi 12,3 MPa berkligi görkezdi, bu kömeleklerden taýýarlanýan analog material bilen deňeşdirilende 60 esse ýokarydyr. Ylmy gözlegçiler materialy tebigy derä has meňzetmek üçin onuň taktil häsiýetlerini gowulandyrmagyň üstünde işlemegi dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.
Ananas derisi egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, ýantorbalaryň we beýleki aksessuarlaryň önümçiliginde giňden ulanylyp bilner. Ol adaty derä ekologiýa taýdan arassa alternatiwa bolup, moda pudagynyň durnukly ösüşi üçin geljegi uly materialdyr.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....