Türkmenistanda Bolgariýanyň ilçisi işe başlady

  • 21.06.2024 09:05
  • 2.4k+

20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ruslan Stoýanow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Diplomata Mejlisiň düzümi we onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Şunda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Bilim, ylym, medeniýet ulgamlary boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek meseleleri-de gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek bilen, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) bilen duşuşdy. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.


düýn 22:20
4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......