NASA Mars topragynyň nusgalaryny Ýere gaýtaryp getirmek üçin kompaniýany saýlaýar

  • 16.06.2024 11:30
  • 9.4k+

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryşy (NASA) Perseverance tarapyndan toplanan toprak nusgalaryny Ýere gaýtaryp getirmek konsepsiýasyny hödürlejek ýedi kompaniýany saýlajakdygyny mälim etdi.

Ozal 2026-njy ýyla meýilleşdirilen Mars Sample Return (MRS) missiýasy, býujetiniň 3-4 milliard dollardan 11 milliard dollara çenli ýokarlanmagy sebäpli yza çekildi.
Indi kompaniýalar (Aerojet Rocketdyne, Blue Origin, Lockheed Martin, Northrop Grumman, Quantum Space, SpaceX we Whittinghill Aerospace) 90 günüň dowamynda Marsyň nusgalaryny gaýtarmak ulgamynyň makedini işläp düzmeli bolarlar.
Tekliplere NASA-nyň hünärmenleri tarapyndan baha berler.
Aerojet, Northrop Grumman we Whittinghill kompaniýalary Marsdan nusgalary orbita çykarmak üçin raketa gurmagy teklip edýärler.
Galanlary bolsa başga çözgüt gözleýärler. SpaceX Starship transport ulgamyndan peýdalanyp biler, Blue Origin bolsa özüniň Aý programmasyny ulanar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......