Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň II teatr festiwaly geçiriler

  • 15.06.2024 17:12
  • 1.9k+

Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwalyň guramaçylyk meseleleri barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Festiwala Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden teatr toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe dabaralara we çärelere badalga berlendigini belledi hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......