Ýewropada täze tälimçiler: Terziç “Borussiýany” terk etdi, Fonseka “Milana” tälimçi boldy

  • 15.06.2024 15:37
  • 7.4k+

Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň birnäçe kluby tälimçiler düzümindäki üýtgeşmeleri yglan etdiler.

Şeýlelikde, germaniýaly hünärmen Edin Terziç taraplaryň özara ylalaşygy bilen Dortmundyň “Borussiýasynyň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Topary 2021-nji ýylda Germaniýanyň Kubogynda ýeňşe getiren, 2023-nji ýylda Bundesligada ikinji orny eýelän we 2024-nji ýylda “Borussiýany” Çempionlar ligasynyň finalyna çykaran 41 ýaşly hünärmen ýolbaşçylykdan şertnamany ýatyrmagy sorady.
Onuň deregine toparyň öňki oýunçysy Nuri Şahin bellendi. Onuň bilen şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.
“Milan” Paulu Fonsekanyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Öň “Lill” (Fransiýa), “Roma” (Italiýa) we “Şahtýor” (Ukraina) bilen işleşen portugaliýaly hünärmen üç ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy. Ol “Milanda” ýylda 3,5 mln ýewro alar.
Täze wezipä bellemeler barada birnäçe italýan kluby hem habar berdi:
“Lasio” toparyna öň “Werona” tälimçilik eden Marko Baroni tälimçi boldy. Ondan öň ol “Leççe”, “Rejina”, “Kremoneze”, “Ýuwentusyň” ýaşlar topary we beýleki italýan klublary bilen işleşdi.
“Werona” baş tälimçi wezipesini öň “Empolä” tälimçilik eden Paolo Dzanettä ynandy.
Öň meşhur bolan italiýaly goragçy Alessandro Nesta “Monsanyň” täze tälimçisi boldy. Onuň “Maýamide” (ABŞ), “Perujada” we “Frozinonede” (Italiýanyň Seriýa B-sinden klublar) iş tejribesi bar.
Şeýle-de, biz Týago Mottanyň “Ýuwentusyň” baş tälimçisi bellendigini habar berdik.
Öň, Gurban Berdiýewiň Azerbaýjanyň “Turan” toparyna, Azerbaýjanyň milli ýygyndysyna bolsa Fernandu Santuşyň tälimçi boljakdygy belli boldy.


şu gün 12:33
574

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
4k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......