Gurban Berdiýew "Turan" klubuna tälimçilik eder

  • 13.06.2024 14:02
  • 17k+

Gurban Berdiýew "Turan" (Towuz şäheri) azerbaýjan klubunyň baş tälimçisi bolar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ali Balakişiýew aýtdy diýip, Ria NOWOSTI habar berýär.

«Gurban Berdiýew "Turanyň" baş tälimçisi bolar. 18-nji iýunda ol Baku geler we şertnama baglanyşar" - diýip, Balakişiýew aýtdy.

Belläp geçsek, Berdiýewiň soňky iş ýeri "Dinamo" (Mahaçkala) rus klubudy. 71 ýaşly türkmen hünärmeni dagystanly kluba geçen ýyldan başlap, şu ýylyň fewralyna çenli tälim berdi. Soňra klubuň Prezidentiniň geňeşçisi boldy. Şu ýyl "Dinamo" ilkinji gezek Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
«Turan» Azerbaýjanyň geçen çempionatynyň jemleri boýunça on toparyň içinde altynjy orny eýeledi. Klub 1992-nji ýylda esaslandyrylyp, iki ýyl soň - 1994-nji ýylda Premýer-ligada ýeňiş gazandy we Ýewropa kuboklarynda Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy.


şu gün 17:07
3.8k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

şu gün 16:24
2.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

şu gün 12:33
3k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
4k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....