Alymlar ýertitremeleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýan täze faktoryň üstüni açdylar

  • 14.06.2024 14:47
  • 10k+

Braun uniwersitetiniň alymlary ýertitremeleriň ýüze çykmagyna täsir edýän täze bir faktory kesgitlediler. Nature žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, jaýryklaryň geometriýasy ýertitremeleriň güýjüne we ýygylygyna uly täsirini ýetirýär.

Däp boýunça ýertitremeler litosfera plitalarynyň çat açyş  güýji bilen düşündirilýärdi. Täze barlag çat açyş zolaklardaky gurluşlaryň tekizliginiň hem möhüm rol oýnaýandygyny ýüze çykardy. Plitalaryň “byçgynyň tygly dişine” meňzeş çylşyrymly geometriýasy topagyň güýçli hereketlenmegine we şonuň bilen birlikde has sarsgynly ýertitremelerine sebäp bolýar.
Barlagçylar Kaliforniýadaky San-Andreas jaýrygyny öwrendiler. Alnan maglumatlar "tekiz" jaýryklaryň plitalara birsydyrgyn süýşmäge mümkinçilik berýändigini görkezýär, şol bir wagtda bitekizleri ýeriň titremegine sebäp bolýan goşmaça basyşy döredýär.
Geljekde geofizikler täze modeli beýleki jaýryklar boýunça barlamagy meýilleşdirýärler. Eger çaklama tassyk bolsa, bu geljekde ýer titremelerini has takyk çaklamaga mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....