RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary D.Gulmanowa we R.Meredow bilen duşuşdy

  • 14.06.2024 14:12
  • 11k+

13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýewiň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Bu duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Konstantin Kosaçýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler ýokary derejedäki gatnaşyklaryň yzygiderli we depginli häsiýeti bilen berkidilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary netijeliligini bellediler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji parlamentara forumyny guramak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......