Raşid Meredow ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze wekili bilen duşuşdy

  • 14.06.2024 10:30
  • 1.7k+

12-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň çaganyň saglygyny goramak we onuň ösüşi bilen bagly meselelere iş ýüzünde ulgamlaýyn çemeleşýändigini belledi. Mundan başga-da, söhbetdeşler 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere garadylar, bu resminamada çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çaganyň saglygy, onuň iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilen. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň saglygyny dikeltmäge mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......