Ýuwaş ummanyndan 15 müň ýyl ýaşap bilýän jandar tapyldy

  • 12.06.2024 14:21
  • 17k+

Meksika bilen Gawaýiniň arasynda ýerleşýän Klarion Klipperton zolagyna 45 günlük ekspedisiýanyň dowamynda Geteborg uniwersitetiniň gözleg topary çuň düzlükde ýaşaýan täze görnüşleri tapdy. Iňlis gämisi “Jeýms Kukda” geçirilen ekspedisiýa 3500 metrden 5500 metre çenli çuňlugy barlap, nusgalary ýygnamak we olary surata düşürmek üçin uzakdan dolandyrylýan enjamy ulandy.

Tapyndylaryň arasynda käse şekilli aýna ýaly gubka bar. Bu jandaryň 15 müň ýyla çenli ýaşap bilmegi ony Ýer ýüzünde iň uzak ýaşaýan jandara öwürýär. Bu barada Phys.org ylmy neşirinde beýan edildi.
Şeýle hem gözlegçiler iýmit taşlamalaryna ýöriteleşýän, haýal hereket edýän deňiz hyýaryny (goloturiý) tapdylar.
Ekspedisiýa ýolbaşçylyk eden deňiz ekology Tomas Dalgreniň pikiriçe, bu sebitde ýaşaýan görnüşleriň 10% -inden hem az bölegi öwrenildi. Klarion Klipperton zolagynyň biodürlüligini öwrenmek, gowşak ekosistema üçin howp döredip biljek çuň deňizde seýrek metaly gazyp almagyň berip biljek täsirlerine baha bermek üçin möhümdir.


düýn 08:10
4.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......