“Çalyk Holdingiň” Hazaryň kenarynda gurýan elektrik stansiýasy türkmen elektrik energiýasyny Türkiýä iberip biler

  • 12.06.2024 11:52
  • 11k+

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji iýunda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşygynda belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýäniň kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandyny belläp, “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurluşygy dowam etdirilýän, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Bu desganyň düýbi 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde tutuldy.
Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalar boýunça degişli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.


şu gün 19:20
1.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......