Serdar Berdimuhamedow RF-niň ýolbaşçylaryny Russiýanyň güni bilen gutlady

  • 12.06.2024 11:17
  • 5.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, birek-birege hormat goýmagyň hakyky nusgasy bolan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ösüş depginini hem-de ýokary derejesini uly kanagatlanma bilen aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany Prezident Wladimir Putine we Hökümet Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....