Aşgabat “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara forumyny we sergisini kabul eder

  • 11.06.2024 15:54
  • 4.4k+

Şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Oguzabat» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara forum we sergi geçiriler.

Serginiň temasy gurluşyk tehnologiýalary, akylly şäherler, emeli aň we maşyn ugruny öwrenmek, täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri, energiýa boýunça täsirli tehnologiýalar, bazar nokatlary (marketpleýs), 5G hem aragatnaşyk torlarynyň indiki nesilleri, lukmançylyk anyklaýyş enjamlary we gurallary, robot tehnikalary, senagatdaky wirtual hakykat, elektron hökümet, maliýe tehnologiýalary ýaly ugurlary hem beýleki bölümleri öz içine alýar.
Işewürlik ulgamynyň wekilleri, degişli hünärmenler we alymlar bu möhüm çärä gatnaşmaga we Türkmenistanda innowasion tehnologiýalarynyň ösmegine goşant goşmaga çagyrylýar.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......