Hytaýda robot talyplyga kabul edildi: ol "dramaturgiýany we kinony" öwrener

  • 04.08.2025 20:25
  • 7.7k+

Hytaýda Xueba 01 atly robot Şanhaý teatr akademiýasynyň "dramaturgiýa we kino" ugry boýunça doktorantura maksatnamasyna kabul edildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.

Okuw dört ýyl dowam eder. Bu döwürde robot gadymy hytaý operasyny, sahna ussatlygyny, ssenari ýazmak, sahna dizaýny we tehniki ugurlary öwrenmäge çalşar. Programma tamamlanandan soň, Xueba 01 dissertasiýa goramagy meýilleşdirýär. Okuw sapaklary 14-nji sentýabrda başlar.
Robotyň ylmy ýolbaşçysy suratkeş Ýan Çinçin boldy.

Xueba 01 roboty Şanhaý Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de DroidUp Robotics kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan döredildi.
"Xueba" sözi hytaý dilindäki slengde “bäşlikçi”, ýagny “okuwda öňdebaryjy” diýmegi aňladýar. Bu robotyň boýy 175 sm, agramy bolsa 30 kg töweregi. Ol äýnek dakynýar, köýnek we balak geýýär, ýüz mimikasyny görkezmäge we adamlar bilen özara gatnaşyga ukyply.

"Xueba 01 talyplar bilen aragatnaşyk saklanda, bu diňe bir sowuk enjamlaryň adam bilen duşuşygy däl-de, eýsem dürli görnüşleriň arasyndaky estetik alyş-çalyşdyr" diýip, Ýan Çinçin belleýär.


düýn 11:15
2.1k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.3k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.6k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......