Meta “beden diline” düşünýän ekransyz bilezigi döretdi

  • 26.07.2025 18:27
  • 5.6k+

Meta kompaniýasy eliň hereketini bilmäge ukyply ekransyz bilezigiň täzelenen prototipini görkezdi. Ol ulanyjynyň goşaryndan alynýan maglumatlara esaslanýar. Gurluşyň mümkinçilikleri baradaky maglumatlary Nature žurnaly hödürledi.

Bilezigiň 2021-nji ýyldaky prototipini her bir hereketi aýratynlykda görkezmek arkaly “okatmaly” bolýardy, ýöne häzirki wersiýa neýroulgam algoritmlerini ulanýar. Bu okatmagyň wagtyny azaltmaga we gurluşyň düşünýän hereketleriniň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Işläp düzüjiler indi gurluşyň diňe bir hereketiň ugruny däl-de, eýsem güýjüni-de hasaba alýandygyny belleýär.
Esasy tehniki aýratynlyklar:

  • ·Gurluş eldäki elektrik impulslary okaýar;
  • ·Barmaklaryň we eliň hereketine düşünýär;
  • ·Kursory dolandyrmaga we “klik” etmäge mümkinçilik berýär;
  • ·Minutda 20,9 söz tizligi bilen elde ýazmagy goldaýar.

Ýetilen üstünliklere garamazdan, Meta işläp taýýarlamagyň maksadyny görkezmeýär we gurluşyň täjirçilik satuwynyň möhleti barada habar bermeýär.
Ýöne şeýle tehnologiýa mümkinçiligi çäkli adamlar üçin peýdaly bolup biler. Şeýle-de, ony oýunlarda ýa-da wirtual hakykatda kontroller hökmünde ulanyp bolar. Bilezik Meta Quest garniturasynyň üstüni ýetirip biler.


düýn 12:35
1.7k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......