«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat açyldy

  • 11.06.2024 12:57
  • 3k+

Ýurdumyzda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Halkara maslahata gatnaşýan alymlary hem-de myhmanlary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady.

Forum halkara guramalaryň, dünýä meşhur ylmy merkezleriň, öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň wekillerini, görnükli alymlary we inženerleri özünde jemledi. Halkara maslahat Ylymlar gününe, şeýle hem 10 ýyl mundan ozal bina edilen we bu gün halkara ylmy-tehnologiýa parky diýen hukuk derejesini alan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyrylan şanly senesine gabatlanyp geçirilýär.

"Biziň ýaşaýan asyrymyz tehniki we durmuş ösüşi bilen häsiýetlenýär. XXI asyryň ägirt uly tizlikli ylmy-tehniki ilerlemeleri dünýä döwletleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hem ähli ugurlaryna, şol sanda ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, nazary, amaly we düýpli ylmy barlaglary geçirmek, ylymlary döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek ýaly möhüm meseleleri ýüze çykarýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ylmy milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde saýlap aldyk. Ylym ulgamyny täze, has ýokary sepgitlere çykarmagy, ylym we tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi ylmy-tehniki syýasatymyzyň baş wezipeleri hökmünde kesgitläp, bu ugurda toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys hem-de döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýäris. Milli maksatnamalara, strategiýalardyr konsepsiýalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny giňden ornaşdyrýarys. Ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýelemekde, aýratyn-da, öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda guwandyryjy üstünlikleri gazanýarys.
Biz döwlet innowasiýa syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde alymlarymyzyň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, şonuň ýaly-da, geljegi uly bolan düýpli ylmy barlaglary alyp barmaklary, tejribe-synag işlerini geçirmekleri, innowasiýalary döretmekleri, özleşdirmekleri we ýaýratmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Alymlarymyzyň hem-de tehnologlarymyzyň yhlasly, döredijilikli zähmetiniň ajaýyp miwelerini — ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglarynyň netijelerini döwletimiziň hem-de halkymyzyň, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýarys" diýip, döwlet Baştutany belleýär.


şu gün 10:51
724

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....