Bütindünýä meteorologiýa guramasy: geljek bäş ýylyň biri taryhda iň yssy ýyl bolar

  • 10.06.2024 15:44
  • 17k+

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň çaklamasyna görä, geljek bäş ýylyň biri howa gözegçilikleriň taryhynda iň yssy ýyl bolar. BMG-nyň ýöriteleşen edarasynyň hasabatynda ýakyn ýyllarda dünýäde ortaça temperaturanyň 2023-nji ýyldaky 14,98°C-den geçmeginiň 86% ähtimallygy bar diýilýär.

Mundan başga-da, dünýäde ýyllyk ortaça temperaturanyň önümçilikden öňki derejeden wagtlaýyn 1,5 dereje ýokarlanmagynyň ähtimallygy 80% . On ýyl mundan öňem nola deň bolan bu ähtimallyk howanyň çalt üýtgeýändigini görkezýär.
Şeýle hem, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy geljek bäş ýylyň her biriniň önümçilikden öňki döwürlere garanyňda 1,1-1,9 dereje yssy boljakdygyny, 2024-2028-nji ýyllar aralygyndaky döwürde, 2019-2023-nji ýyllara garanyňda, has maýyl boljakdygyny çaklaýar. Buzuň meýdanynyň kiçelmegi dowam etjek Arktikada howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy has-da göze ilýär.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ko Barrett çaklamalaryň dünýäde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny 2 gradusdan aşakda saklamagy maksat edinýän Pariž klimat şertnamasynyň maksatlaryna ýetmekden dünýäniň has daşdadygyny görkezmek bilen, "darykdyryjy hakykaty" şöhlelendirýändigini nygtady.


şu gün 00:07
3.7k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

25.06.2026 19:11
5.9k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.7k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

18.06.2026 09:51
3k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......