Ýerdäki ýerasty suwlar 2100-nji ýyla çenli ulanmaga ýaramsyz bolmagy mümkin

  • 10.06.2024 13:57
  • 11k+

Üstümizdäki asyryň ahyryna çenli Ýerdäki ýerasty suwlar ep-esli gyzar we dünýäde suw çökgünliginiň döremegine sebäp bolar. Nature Geoscience žurnalynda çap edilen barlagda alymlar şunuň ýaly ýagdaýy çaklaýarlar.

Kanadanyň Dalhauzi uniwersitetinden Barrett Kuryulukyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary global maýlamaklygyň topragyň üstki gatlaklarynyň we ýerasty suwlaryň  ýylylygyna edýän täsirini derňediler. Barlag ýerasty suwlaryň ortaça temperaturasynyň 2100-nji ýyla çenli 2,1 dereje ýokarlanjakdygyny görkezdi we bu Ýerde parnik gazlarynyň zyňyndylary azaldylan ýagdaýynda şeýle bolar. Zyňyndylaryň derejesi häzirki ýaly dowam etse, bu görkeziji hatda 3,5 derejä hem ýetip biler.
Bu Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň käbir ýurtlaryna we günbatar Awstraliýa hasam täsir eder. Ol ýerde suwuň temperaturasy 34 derejeden geçer.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, adamlaryň 59 milliondan 588 milliona çenlisi ýerasty suwlaryň ulanmaga ýaramsyz ýerlerinde galar. Ýene adamlaryň 77 milliondan 188 milliona çenlisi suwuň temperaturasynyň bellenen howpsuzlyk kadasyndan ýokary bolan ýerlerinde ýaşar.
Bu diňe bir adamyň saglygyna howp salman, daşky gurşawa-da howp salýar. Temperaturanyň ýokarlanmagy toprak mikroblarynyň alyş-çalşyny çaltlaşdyrar, bu bolsa suwdaky agyr metal ionlarynyň düzüminiň ýokarlanmagyna getirer.
Bu diňe bir adamyň saglygyna howp salman, daşky gurşawa-da howp salýar. Temperaturanyň ýokarlanmagy toprak mikroblarynyň alyş-çalşyny çaltlaşdyrar, bu bolsa suwdaky agyr metal ionlarynyň düzüminiň ýokarlanmagyna getirer.


15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....