Awstraliýada 45 000 ýyl ozal ýitip giden äpet “gazyň” kelleçanagy tapyldy

  • 10.06.2024 13:28
  • 17k+

Awstraliýaly alymlar 45 000 ýyl ozal ýaşap geçen äpet guşuň - Genyornis newtoni-niň oňat saklanyp galan kelleçanagyny tapdylar.

Şu wagta çenli äpet "gazyň" daşky görnüşi we aýratynlyklary baradaky maglumatlar daşa öwrülen bölek galyndylarynyň beýany bilen çäklenýärdi. 2019-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan kelleçanak Flinders uniwersitetiniň barlagçylaryna bu uçmaýan guşuň daşky görnüşini we endiklerini täzeden dikeltmäge mümkinçilik berdi.
Genyornis newtoni-niň beýikligi 2 metre ýetipdir we ullakan tumşugy, kellesinde süňkden kekeji we totyny ýatladýan çüňki bolupdyr. Alymlaryň pikiriçe, guş ýerde hem suwda ýaşapdyr, ýumşak ösümlikler we miweler bilen iýmitlenipdir.

“Gysgaça aýdanymyzda, täze kelleçanagy bir ýere düzüp-jemlemek bilen,  bu görnüşiň äpet gazdygyny görkezýän tapmaçany çözüp başladyk. Genyornis newtoni-niň totynyňky ýaly, ýöne şekili boýunça gazy ýatladýan beýik we çeýe ýokarky äňi bolupdyr, damagy giň eken, dişlände gaty dişläpdir, ýumşak ösümlikleri we miweleri kentlewügi bilen owmaçlap iýipdir" – diýip, barlagyň şärikdeş awtory Fibi Makinerni belleýär.

Guşuň içki gulagynyň süňküniň ol kellesini suwa çümdürende  gulaga we bokurdaga suw girmekden goraýan şekilli bolmagy oňa ýarym suw durmuşyny alyp barmaga kömek edipdir.
Genyornis newtoni-niň we Awstraliýanyň megafaunasynyň beýleki wekilleriniň ýitip gitmegini yklyma ilkinji adamlaryň gelmegi we tokaý ýangynlary sebäpli ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.


şu gün 08:02
725

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
606

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.3k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......