4-nji gezekden başartdy: taryhda iň kuwwatly Starship kosmos gämisi üstünlikli uçuryldy

  • 07.06.2024 16:16
  • 11k+

SpaceX, üç sany şowsuz synanyşykdan soň, Starship agyr raketasynyň üstünlikli synag uçuşyny amala aşyrmagy başardy. 6-njy iýunda raketa orbita çykdy we soňra üstünlikli Ýere gaýdyp geldi. Uçuş kompaniýanyň resmi web sahypasynda we X (öňki Twitter) sosial ulgamynda öz wagtynda göni ýaýlymda görkezildi. Islendik ulanyjy uçuşa mugt tomaşa edip bildi.

Raketa Tehasyň günortasyndaky Starbase kosmodromyndan uçuryldy we birnäçe minutdan soň birinji gatlagyň prototipi Super Heavy Meksika aýlagyna üstünlikli gondy. Ikinji gatlak Ýeriň orbitasyna çykyp uçuşy dowam etdi.
Starship, 200 km-den gowrak belentlige ýetip, bir sagat töweregi kosmosda boldy, şondan soň Hindi ummanynyň Awstraliýadan demirgazyk-günbatarynda gözegçilik astynadaky gonmany amala aşyrdy.
NASA-nyň başlygy Bill Nelson bu möhüm wakanyň adamy Aýa gaýtarmagyň ýene bir ädimidigini mälim etdi.

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan döredilen Starship taryhdaky iň uly we iň güýçli raketadyr. Geljekde adamlary şeýle kosmos gämilerinde orbita, Aýa, Marsa we beýleki planetalara ugratmak meýilleşdirilýär.
Starship prototipini Ýeriň ýakyn orbitasyna çykarmagyň öňki üç synanyşygy dürli tapgyrlarda şowsuz tamamlandy.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......