Bürmege garşy sanjym Parkinson keseliniň öňüni alyp biler

  • 07.06.2024 13:13
  • 3.2k+

Ysraýylyň alymlary, megerem, Parkinson keseliniň öňüni almagyň usulyny tapan bolsalar gerek. Olaryň MedRxiv web sahypasynda çap edilen barlagynda görkezilişine görä, bürmege garşy sanjym edilen adamlaryň bu neýrodegeneratiw kesel bilen kesellemek töwekgelçiligi iki esse pesdir diýip, Naked Science ýazýar.

Barlagda Parkinson keselli 1500 adamyň we barlag toparyndan 7500 adamyň maglumatlary seljerildi. Alymlar bürmege garşy sanjym edilen adamlarda, sanjym edilmediklere garanyňda, bu keseliň döremek howpunyň pesdigini anykladylar.
Barlagyň awtorlary bürmegiň döremegine sebäp bolýan Clostridium tetani bakteriýalarynyň Parkinson keseliniň ösmeginde rol oýnap biljekdigini çaklaýarlar. Bu bakteriýalar ýiti fazasyndaky täsirinden başga-da, içegäniň üsti bilen ýa-da ýaralar arkaly beýnä düşüp, bedene uzak wagtlap ýaramaz täsirini ýetirip biler.
Clostridium tetani tarapyndan işläp çykarylýan Tetanotoksin Parkinson keseline mahsus bolan neýrodegeneratiw proseslere getirip bilýän neýrotoksiki häsiýete eýedir.
Bu çaklama barlaglaryň ýene dowam etdirilmegini talap edýänem bolsa, eýýäm häzirden bürmege garşy yzygiderli edilen sanjymyň (her iki ýyldan bir gezek) Parkinson keseliniň öňüni almakda täsirli çäre bolup biljekdigini çaklamak mümkin.
Parkinson keseli - Alsgeýmer keselinden soň, iň köp ýaýran neýrodegeneratiw kesel. Ol herekete jogapkär neýronlary zaýalaýar. Orta hasap bilen sekiz ýylyň içinde syrkaw adam düşege baglanýar we 10 ýylyň içinde hereketden galýar we ýeke özi ýaşap bilmeýär. Hususan-da, Muhammet Aly, Rim papasy Ioann Pawel II, Ýasir Arafat we Salwador Dali ýaly meşhurlar Parkinson keselinden ejir çekipdiler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......