Alymlar Günüň “ýürek urgusy” bilen planetalaryň hereketiniň arasynda baglanyşyk tapdylar

  • 06.06.2024 14:50
  • 9.4k+

Alymlar öňräkden bäri Günüň Şwabeniň sikli diýip atlandyrylýan 11 ýyllyk işjeňliginiň syryny açmaga synanyşýarlar. Täze barlag bu sikle (aýlawa), şeýle-de Günüň beýleki sikllerine ýyldyzyň diňe bir öz içindäki  prosesleriň däl, eýsem, Gün ulgamynyň planetalarynyň hereketiniň hem täsir edip biljekdigini çaklaýar diýip, ScienceAlert ýazýar.

Gelmgols Drezden-Rossendorf adyndaky Merkeziň laboratoriýasynyň fizigi Frank Stefaniniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Günüň, Weneranyň, Ýeriň we Ýupiteriň arasyndaky dartyş güýjüniň Gün siklleriniň sinhronlaşmasynda rol oýnap biljekdigini çaklaýar.
Täze çaklama görä, Günüň iň pes döwründe her 11,07 ýyldan bu üç planeta bir hatara düzülip, Güni özüne dartyş güýjüni artdyrýar. Bu täsir, şeýle seredeňde, gowşak hem bolsa, Günüň sikllerini sinhronlap, onuň içki güýjüne täsirini ýetirip bilýär.
Şeýle hem, barlagçylar bu üç planetanyň islendik ikisiniň deňleşmeginiň Gün sikllerine täsir edip biljek derejede güýçli bolup biljekdigini anykladylar.
Alymlar tarapyndan geçirilen matematiki modelirleme olaryň gipotezasynyň Şwabeniň 11 ýyllyk siklini we Rigeriň, takmynan,150-160 gün dowam edýän gysga  sikllerini düşündirip biljekdigini görkezdi.
Elbetde, Gün örän uly we çylşyrymly ulgam, şonuň üçin planetalar onuň  aýlawlaryna täsir edýänem bolsalar, bu ýagdaýyň bary-ýogy diňe bir bölegidir. Emma gabat gelmeler olary äsgermezlik ederden juda takyk diýip, alymlar belleýärler.

"Diňe elimizde maglumatlar has köp bolan ýagdaýynda biz 100% ynamly bolup bileris, ýöne bu çaklamany goldaýan deliller gaty güýçli" - diýip, Frank Stefani sözüni jemleýär.


düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....