«Искусственная почка»: Медучреждению в Дашогузе переданы аппараты Dialog+

  • 06.06.2024 11:37
  • 7.2k+

5-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Enjamlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alyndy.

Germaniýanyň «B. Braun» kompaniýasynyň iň täze önümleriniň biri bolan gemodializ — “emeli böwrek” enjamlary bedenden daşardaky şertlerde gany arassalamaga niýetlenip, ol häzirki wagtda mälim bolan dializ usuly arkaly bejerginiň islendik görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýär. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän hassalaryň has netijeli bejerilmegini üpjün edip, olaryň durmuş derejesini gowulandyrmaga şert döredýär.
Şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan şeýle enjamlar Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna sowgat berildi.


вчера 12:08
4.5k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.6k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.3k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......