Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda galla oragyna girişmegiň senesini belläp berdi

  • 31.05.2024 22:44
  • 14k+

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunda galla oragyna başlanar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow galla oragyna girişmegiň senesini belläp, hormatly ýaşulularymyzdan galla oragyna «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Wise-premýer T.Atahallyýewiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, galla oragyna girişmäge taýýarlyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. 
Serdar Berdimuhamedow galla oragyna köpçülikleýin girişmek we galla möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin guramaçylyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......