Agyryny we ýadawlygy aýyrýar: Xiaomi arkaňy massaž edýän "Akylly" massažor çykardy

  • 31.05.2024 13:57
  • 8.6k+

Xiaomi kompaniýasy arkaň ýokarky we aşaky bölegindäki agyrylaryny we ýadawlygy aýyrmak üçin döredilen täze Mijia Smart Waist Massager massaž enjamyny hödürledi diýip, Gizmochina ýazýar.

Massažor iki taraplaýyn temperaturany sazlamaga mümkinçilik berýän özboluşly goşa ýyladyş ulgamy, şeýle hem barmak basyşyna meňzeýän 20 massaž toplary bilen enjamlaşdyrylandyr. “3D-massaž” bil myşsalarynyň uly bölegini öz içine alýar, dynç almaga we ýadawlygy azaltmaga kömek edýär.
Mijia Smart Waist Massager dynç alyş ýumşadyjy, dekompressiýa, bil ýyladyjy, uky ýaly 10 sany gurnalan massaž görnüşleri bar bolan “Mi Home” programmasyna birigýär. Şeýle-de, massažyň ýene 3 görnüşini özüňizden goşup bilersiňiz.
Massažorda, massaža goldaw bermek üçin görnüşi boýunça köpügi ýatladýan düşekçe ulanylýar. Doly zarýad berlende, 2400 mAs göwrümli batareýa 3,5 sagada çenli özbaşdak işleýär.
Enjamyň agramy takmynan 1,45 kg.
Mijia Smart Waist Massager-y, Hytaýyň Xiaomi Youpin platformasynda 499 ýuana (takmynan 70 dollara) satyn alyp bolýar. Ýakynda, beýleki bazarlarda-da peýda bolmagyna garaşylýar.


10.05.2026 11:51
7.3k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

07.05.2026 11:10
4.5k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....

05.05.2026 14:00
2.1k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......

05.05.2026 00:32
3.8k+

Boeing uçarlar üçin «telefon budkasynyň» nusgasyny görkezdi

Boeing kompaniýasy uçaryň ýolagçylary üçin işlemäge we wideogepleşikleri geçirmäge niýetlenen aýratyn kabinanyň nusgasyny tanyşdyrdy. Bu täze taslama Gamburgda geçirilen Aircraft Interiors Expo 2026 sergisinde......