Ilkinji Dream Chaser DC-100 kosmos uçary uçuşa taýýarlanýar

  • 28.05.2024 14:57
  • 4.6k+

Sierra Space kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Dream Chaser DC-100 orbital kosmos uçary soňky synaglardan geçmek üçin ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezine geldi. Eger ähli ulgamlary bökdençsiz işlese, ol şu ýylyň ahyrynda Halkara kosmos stansiýasyna (ISS) ilkinji uçuşyna çykar diýip, NASA-a salgylanýan Hi-Tech habar berýär.

Tenacity Kanaweral burnunda ýerleşen kosmos merkezinden uçuşa goýberiler. Ol HKS-na azyk, suw we ylmy enjamlary äkider. Stansiýa bilen birleşenden soň, 45 gün töweregi orbitada bolar, soň bolsa Shooting Star modulsyz, 3,5 tonna ýük bilen yzyna dolanar.
Tenacity (iňlis dilinden terjime edilende “tutanýerlilik” diýen manyny berýär) diýlip atlandyrylýan Dream Chaser DC-100 Ýeriň pes orbitasyna ýygy-ýygydan edilýän uçuşlar üçin niýetlenen göteriji korpusly gaýtadan ulanylýan kosmos uçarlarynyň ilkinjisi bolar.
Taslama 20 ýyl bäri ösdürilýär. Ilkibaşda ol kosmonawtlary HKS-na daşamak üçin kosmos gämisi hökmünde göz öňünde tutulypdy, ýöne bu ýeri Boeing bilen SpaceX eýeledi. Bäsleşikde kompaniýalar 6,8 milliard dollarlyk şertnama aldylar. Emma 2016-njy ýylda NASA HKS-na gymmatly we ynjyk ýükleri ibermek üçin Dream Chaser -i saýlady.
Tenacity birnäçe üýtgeşik aýratynlyklara eýedir. Gaty ganatlar oňa Ýeriň atmosferasyna girmäge we ýumşak, özbaşdak gonmaga mümkinçilik berýär. HKS bilen birleşende takyklygy ýokarlandyrmak üçin üç režimli manýowrly hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr.
NASA Tenacity-si HKS-a azyndan ýedi gezek gatnaw etdirirmegi meýilleşdirýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......