Abu-Dabi aprel aýyndaky ygally howadan soň syýahatçylar üçin dynç alyş kenarlaryny açdy

  • 23.05.2024 14:17
  • 11k+

Abu-Dabiniň suwa düşülýän kenarlary aprel aýynda BAE-de bolup geçen güýçli çabgaly howadan soň gaýtadan işe başlady. Bu barada BAE-de kabul edýän kompaniýa salgylanyp, “Inturist” syýahatçylyk operatorynyň metbugat gullugy habar berýär.

“Abu-Dabiniň ähli myhmanhanalarynda suwa düşülýän kenarlar indi açyk. Wagtlaýyn ýapylyşdan soň ähli obýektler myhmanlary ýene-de kabul etmäge taýýar” – diýip, kompaniýa belledi.

Syýahatçylyk operatorynyň metbugat gullugy emirligiň medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň hem ähli suwa düşülýän kenarlary açmaga we ähli kenarýaka çärelerini geçirmäge rugsat berendigini belleýär.
Öň, Abu-Dabiniň häkimiýetleri güýçli ýagşyň esasynda suwuň hiliniň peselmek ähtimallygy sebäpli syýahatçylara jemgyýetçilik we myhmanhana kenarlaryndan peýdalanmagy wagtlaýyn gadagan etdi.
Ýatlap geçsek, aprel aýynyň ortalarynda BAE-de güýçli ýagyş ýagdy, aýratynam, Dubaý zyýan çekdi. BAE-niň meteorologlarynyň hasaby boýunça, aprel aýyndaky çabgalar soňky 75 ýylda iň güýçlüsi boldy. Käbir sebitlerde bir günüň içinde 250 mm çenli ygal ýagdy. 


25.06.2026 23:36
5.1k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......