Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 21.05.2024 11:50
  • 14k+

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça, hususan-da, nebitgaz, gämigurluşyk, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikalaryny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Bellenilişi ýaly, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Tatarystanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli iş alyp barýarlar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer ulgama, şol sanda ylym we bilim, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Biz türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......