Şwesiýada häzirki akkumulýatorlardan 16 esse uzak işleýän batareýalar döredildi

  • 19.05.2024 22:51
  • 5.1k+

Şwesiýaly alymlar batareýalaryň ösüşinde öňegidişlik gazandylar diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar.

Linçýoping uniwersitetiniň, Çalmersiň Tehnologiýa uniwersitetiniň we Karlstad uniwersitetiniň hünärmenleri kagyz pudagynyň galyndylaryndan - sinkden we ligninden ýasalan täze batareýany döretdiler.
Täze ösüşiň esasy artykmaçlygy - onuň ömrüniň dowamlylygy. Ol 8000 doly zarýad beriş siklinden soň asyl kuwwatynyň 80% -den gowragyny saklaýar. Deňeşdirmek üçin, häzirki zaman smartfonlardaky batareýalar bary-ýogy 500 zarýad beriş siklinden soň 80% -e çenli azalýar, diýmek, täze önümiň ömri 16 esse uzak.
Linçýoping uniwersitetiniň gözlegçisi Ziýauddin Han: "Bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde zarýady gidýän sink esasly batareýalardan tapawutlylykda, biziň batareýamyz zarýadyny bir hepde saklap biler" diýip belleýär.
Çydamlylykdan başga-da, täze batareýanyň ýene-de birnäçe artykmaçlygy bar:
Ekologiýa taýdan arassalyk: sink we lignin ygtybarly we aňsat tapylýan materiallar, batareýanyň  ähli materiallaryny doly gaýtadan işläp bolýar.
Arzan baha: bu batareýalar litiý-ion batareýalaryndan has arzan düşýär.
Energiýany dykyz saklaýar: derejesi litiý-ion batareýalarynyňky ýaly, bu bolsa  şonuň ýaly ululykdaky batareýalary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Täze batareýanyň ilkinji prototipi kiçijik gerdejik görnüşine eýe, ýöne geljekde oýlap tapyjylar gabarasy uly akkumulýator döretmegi meýilleşdirýärler.
Gözlegiň awtorlary batareýalarynyň islendik zada: smartfona, dakylýan  enjamlara we hatda awtoulaglara hem oturdylyp bilinjekdigini öňe sürýärler.
Alymlar sink-lignin batareýalarynyň doly göwrümli önümçiligini ýola goýmak meselesini eýýäm öwrenip ýörler.


09.06.2025 19:49
3.2k+

Volvo XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Volvo özüniň XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasynyň goýberilendigini habar berdi. Ýubileý modeli Şwesiýadaky zawodyň konweýerinden çykdy. Krossower model hatarynda 2002-nji ýylda peýda bolupdy...

28.05.2025 14:06
14k+

«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar

Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär...

08.04.2025 13:54
5.3k+

Şwesiýaly bir adam Lego kubiklerinden doly göwrümli Volvo V70-i gurnady. Ony sürüp bolýar

Şwesiýaly höwesjeň Dewid Gustafson Lego konstruktoryndan Volvo V70-iň doly göwrümli modelini döretdi. Awtoulagy ýygnamak üçin oňa dört ýyl töweregi wagt gerek boldy diýip, auto.ru habar berýär. Taslama Brick Scale...

14.02.2025 09:31
9k+

Şwesiýada howanyň gyşky tekerlerden hapalanmagyny azaltmak üçin çözgüt tapyldy

Doňan ýollarda howpsuzlyk üçin tikenli gyşky tekerler zerur, ýöne olar asfalt ýollaryny zaýalap, ony howany hapalaýan we saglyga zyýan ýetirýän ownujak bölejiklere dargadýar. Şwesiýaly alymlar adaty kobalt tikenlerini...