Şwesiýada howanyň gyşky tekerlerden hapalanmagyny azaltmak üçin çözgüt tapyldy

  • 14.02.2025 09:31
  • 9k+

Doňan ýollarda howpsuzlyk üçin tikenli gyşky tekerler zerur, ýöne olar asfalt ýollaryny zaýalap, ony howany hapalaýan we saglyga zyýan ýetirýän ownujak bölejiklere dargadýar. Şwesiýaly alymlar adaty kobalt tikenlerini demir-nikel ergininden ýasalan tikenler bilen çalyşmagy teklip etdi.

Tribology International (TribInt) ylmy žurnalynda neşir edilen gözleg demir-nikel ergininiň hem buzda kobalt ýaly netijelidigini, ýöne şol bir wagtyň özünde onuň ýetirýän zyýanynyň ep-esli azdygyny görkezdi.
Häzirki günde ulanylýan kobalt tikenler asfaltdan iki esse gaty we -40 °C temperaturadaky buzdan dokuz esse gatydyr.

“Kobalt – arzan çözgüt, ýöne ol ýol örtügi üçin has gödek” – diýip, professor Ulf Olofsson düşündirdi.

Alymlaryň aýtmagyna görä, teker tikeniniň iň laýyk gatylygy asfaltyň gatylygyndan sähel, 20-30% geçmeli.
Häzir alymlar demir-nikel ergininiň kobaltyň ornuny tutmak üçin näderejede çydamlydygyny öwrenýär.


09.06.2025 19:49
3k+

Volvo XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Volvo özüniň XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasynyň goýberilendigini habar berdi. Ýubileý modeli Şwesiýadaky zawodyň konweýerinden çykdy. Krossower model hatarynda 2002-nji ýylda peýda bolupdy...

28.05.2025 14:06
14k+

«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar

Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär...

08.04.2025 13:54
5.2k+

Şwesiýaly bir adam Lego kubiklerinden doly göwrümli Volvo V70-i gurnady. Ony sürüp bolýar

Şwesiýaly höwesjeň Dewid Gustafson Lego konstruktoryndan Volvo V70-iň doly göwrümli modelini döretdi. Awtoulagy ýygnamak üçin oňa dört ýyl töweregi wagt gerek boldy diýip, auto.ru habar berýär. Taslama Brick Scale...

13.02.2025 13:38
3.3k+

Volvo täze «EX30 Cross Country» krossowerini resmi taýdan hödürledi

Şwesiýa sowuk howa şertleri, ýabany tokaýlary we ygtybarly ulaglary bilen meşhurdyr. Volvo hut şular ýaly gurşawda dynç almagy halaýanlar üçin niýetlenen täze «EX30 Cross Country» krossowerini resmi taýdan hödürledi...