Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russia Halal Expo sergisine baryp gördi

  • 17.05.2024 12:36
  • 11k+

Kazana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin “Kazan EKSPO” halkara sergisine aýlanyp gördüler. 

 

Sergä Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň wekilleri, şol sanda azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany iri rus kompaniýalarynyň bu ýerde görkezilen özboluşly taslamalary, döwrebap tehnologiýalary, senagat, raýat, ýol, ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri, ýol-gurluşyk tehnikalary bilen tanyşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň milli pawilýonyna bardylar.

 

Pawilýon ýurdumyzyň ähli pudaklarda, şol sanda hususy pudakda gazanýan üstünlikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri barada düşünje berýär. Bularyň ählisi monitorlarda görkezilýän wideoşekillerde-de öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň pawilýonynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň hem-de nebitgaz, himiýa senagatynyň, ýeňil senagatyň dürli görnüşli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmäge ýardam berýär. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän kompýuter tehnikalary, Wi-Fi routerleri, LED çyralar, plastik kartlar we beýleki önümler ýerleşdirilipdir.
Ýurdumyzyň pawilýonynda meşhur türkmen el halylary aýratyn orun eýeleýär. Halylar halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, tutuş dünýäde kämil gözelligi we ýokary hili bilen meşhurdyr. Sergide görkezilýän türkmen halylarynyň hatarynda ýüpekden dokalanlary-da bar. Bu ýerde ajaýyp halylaryň dokalyşyny görmek bolýar. Halyçy zenanlar halynyň kesiliş usulyny görkezdiler. Soňra bu haly Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berildi. Şeýle hem hormatly myhmanlara haly torbalary sowgat hökmünde gowşuryldy.
“Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalary sergisiniň çäklerinde duşuşyklar guraldy. Olaryň dowamynda türkmen hünärmenleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......