Toyota BYD-nyň gibrid platformasyna geçer: bir doly bakda 2000 km

  • 11.05.2024 15:57
  • 6.8k+

Ýaponiýanyň Toyota awtoulag ägirdi Hytaýyň BYD kompaniýasynyň peýdasyna öz gibrid ulgamyndan el çeker diýip IXBT habar berýär.

Hytaýyň metbugat çeşmeleri Toyota-nyň ýakyn iki-üç ýylda çykjak birnäçe täze modelini BYD PHEV DM-i gibrid platformasyna geçirjekdigini bellediler. Platforma bir bak benzin bilen 2000 km aralygyň geçilmegini üpjün eder, bu bolsa Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisiniň öz gibrid ulgamlaryndan ep-esli ýokary bolar diýlip garaşylýar.
Toyota Hytaý bazary üçin çykarylan E+Corolla, Lewin we RAV4 modellerinde ulanylan öz THS (Toyota Hybrid System) platformasyndan ýüz öwrer. BYD DM-niň täze, bäşinji nesliniň platformasy has täsirli we 100 km üçin bary-ýogy 2,9 litr ýangyç sarp etmäge mümkinçilik berýär. BYD-niň şeýle platforma esasly ilkinji awtoulagy şu aýyň ahyrynda Hytaýda hödürlener.
Toyota-yň eýýäm BYD bilen hyzmatdaşlyk edýändigini bellemelidiris: 2021-nji ýylda BYD-nyň bilelikdäki Toyota Electric Vehicle Technology zawody döredildi we 2023-nji ýylda BYD Blade akkumulýatorlary we elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Toyota bZ3 elektrik ulagy bazara çykdy.
Mundan başga-da, Toyota-yň Hytaýda döwlet eýeçiligindäki awtoulag öndürijileri bilen iki sany bilelikdäki kärhanasy bar: First Automobile Works bilen FAW-Toyota we Guangzhou Automobile Group bilen GAC-Toyota.


düýn 21:54
2.3k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......