11-nji aprelden 8-nji maý aralygynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan gurnalan Dostluk Oýunlary (Inaugural United Nations New-York Based Missions Games) geçirildi. Hemişelik wekilhananyň metbugat gullugy guramanyň baş edarasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Oýunlaryň ýapylyş dabarasynyň geçirilendigini habar berdi.
Oýunlar Awstraliýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Kataryň we Salwadoryň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde guraldy.
Bäsleşik BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň çäginde geçirildi.
Dostluk oýunlarynyň maksatnamasy sportuň sekiz görnüşi boýunça ýaryşlary öz içine aldy: futbol, basketbol, woleýbol, tennis, piklbol, ylgaw, küşt we ýoga. Olara 85 ýurtdan 300-den gowrak adam hem-de diplomatik we konsullyk wekilhanalaryna wekilçilik edýän 18 gurama, BMG-nyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän sekretariaty we ýöriteleşdirilen guramalary gatnaşdy.
Dürli ugurlar boýunça ýeňijilere baýraklar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylary BMG-nyň Diplomatik dostluk oýunlaryny geljek ýyl hem geçirmek pikirini goldadylar.