Hubble Network hemrasy ilkinji gezek Bluetooth arkaly Ýer bilen baglanyşygy ýola goýdy

  • 09.05.2024 11:44
  • 3.5k+

Sietlden Hubble Network hemra bilen gönüden-göni Bluetooth birikmesini ýola goýan taryhda ilkinji kompaniýa boldy. Hünärmenler gurnalan 3,5 mm çipleri arkaly orbitadan signallary kabul etdiler diýip, TechCrunch habar berýär.

Hubble bu tehnologiýanyň logistikada, mallary yzarlamakda, öý haýwanlary üçin akylly boýunbaglarda, çagalar üçin GPS sagatlarynda, awtomobil inwentarynda, gurluşyk meýdançalarynda, topragyň temperaturasyna gözegçilikde we nebiti gazyp almakda ulanylyp bilinjekdigini nygtaýar. Startap geljekde oýlap tapyşynyň Wi-Fi ýa-da öýjükli aragatnaşygy ulanmazdan “Zatlaryň internetini” gurmaga kömek etmegine bil baglaýar.
Mart aýynda kompaniýa orbita iki hemra uçurdy. Enjamlar SpaceX Transporter-10 missiýasynyň çäklerinde kosmosa çykaryldy. Gurluşlaryň içinde Bluetooth çipleri oturdyldy. Olaryň signaly Ýerde 600 km-den gowrak aralykdan üstünlikli kabul edildi.
Şu tomus Hubble SpaceX Transporter-11 missiýasynyň çäklerinde üçünji we Transporter-13-üň çäklerinde dördünji hemrany uçurmagy meýilleşdirýär. Bu dört hemra Hubble Network “beta-ýyldyzlar toplumyny” emele getirer. Startap 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde ýa-da 2026-njy ýylyň başynda ýene 32 hemra uçurmagy meýilleşdirýär.
Bu 36 hemra dünýäniň islendik nokadyndan Hubble hemrasy bilen günde iki-üç sagat Bluetooth aragatnaşygyny üpjün eder. 


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....