Fransiýaly çörekçiler dünýäde iň uzyn bageti taýýarlap, Italiýanyň rekordyny täzelediler

  • 09.05.2024 11:09
  • 16k+

Soňky bäş ýylda dünýäde iň uzyn baget boýunça rekord 2019-njy ýylda tas 133 metr uzynlykda baget taýýarlan italiýaly çörekçilere degişlidi. Ýöne 5-nji maýda fransiýaly çörekçileriň topary 140,53 metr uzynlykda çörek önümini taýýarlap, täze dünýä rekordy bilen Italiýadan öňe geçdi. Rekord Fransiýanyň çörekçiler we konditerler konfederasiýasy tarapyndan guralan çärede goýuldy diýip, The Guardian habar berýär.

Çörekçiler 132,62 metr bolan rekordy täzelemek üçin ir sagat 3-de işläp başladylar. Takmynan, 14 sagatdan soň olaryň zähmeti üstünlikli diýlip hasaplandy. Sagat 16:40 çenli baget dünýäde iň uzyn baget diýlip ykrar edildi: onuň uzynlygy 140,53 metr.
Adaty fransuz bagetiniň uzynlygy, takmynan, 60 sm bolup, ol bugdaý ununyň, suwuň, duzuň we hamyrmaýanyň goşulmagynda taýýarlanmaly we agramy 250 g bolmaly.


Galyňlygy tutuş uzynlygyna azyndan 5 sm bolmaly bageti bişirmek üçin sekiz sagat töweregi wagt gider diýlip çaklanylypdy.
Rekord uzynlykdaky bagete 90 kg un, 60 litr suw, 1,2 kg duz we 1,2 kg hamyrmaýa sarp edildi. Soňra ol ýörite gurlan haýal hereket edýän peçde bişirildi. Baget köpçülige, şeýle-de Sýuren köçesinde ýaşaýan adamlara paýlandy.
Ýeri gelende bellesek, Fransiýada her sekuntda 320-ä golaý baget satylýar diýlip hasaplanylýar, ýöne bu beýleki ýurtlara dünýäde iň uzyn baget ady ugrunda bäsleşmäge päsgel bermedi.


düýn 20:16
3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 11:50
7.4k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......