Dünýädäki iň arassa howa menzilleriniň 9-sy Aziýada bolup çykdy

  • 08.05.2024 15:24
  • 18k+

Skytrax World Airport Awards-yň iň soňky reýtingine görä, Tokionyň Haneda howa menzili dünýädäki 570 howa menzilleriniň arasynda arassalygy boýunça lider boldy.

Ýolagçylaryň teswirlerine esaslanan reýting, Hanedanyň pollarynyň, oturgyçlarynyň, hajathana otaglarynyň we jemgyýetçilik meýdançalarynyň arassalygy taýdan garaşylandan hem has ýokarydygyny görkezdi. Bu bolsa pandemiýadan soňky, arassaçylyk syýahatçylaryň iň möhüm meselesine öwrülen döwründe has möhüm boldy.
Hanedadan başga-da, Ýaponiýanyň ýene üç howa menzili - Nagoýa (5-nji ýer), Narita (6-njy) we Kansai (7-nji) ilkinji onluga girdi.
Sanawda Ýaponiýadan başga-da Aziýanyň howa menzilleriniň agdyklyk edýändigi bellärliklidir. Seulyň Inçhony ikinji ýeri eýeledi, ondan soň Singapuryň Çangi howa menzili, Dohanyň Hamad howa menzili, Gonkong we Taýwan bar.
Ilkinji onluga girip 10-njy ýeri eýelän ýeke-täk Ýewropa howa menzili Sýurih  boldy.

Skytrax dürli sebitlerdäki iň arassa howa menzillerini hem belläp geçdi:

  • •Demirgazyk Amerika: Wankuwer (Kanada)
  • •Günorta Amerika: Kioto (Ekwador)
  • •Merkezi Amerika we Karib howzy: Huan Santamariýa (Kosta Rika)
  • •Afrika: Keýptaun (Günorta Afrika)
  • •Awstraliýa we Ýuwaş ummany: Brisben (Awstraliýa)
  • •Hytaý: Şanhaý Hunsýao
  • •Merkezi Aziýa: Baku (Azerbaýjan)
  • •Hindistan we Günorta Aziýa: Bangalor (Hindistan)

Skytrax reýtingi eýýäm 25 ýyl bäri düzülip gelinýär we dünýädäki millionlarça ýolagçynyň jogaplaryna esaslanýar. Ekologik syýahatyň meşhurlygynyň barha artýandygyna garamazdan, howa uçuşlaryna bolan talap öňküsi ýaly galýar, her ýyl 8,5 milliarddan gowrak ýolagçy howa ýoly bilen syýahat edýär.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......