Çiliniň suwlarynda 137 ýyl bäri ýitip gidendir öýdülýän “perişde akula” tutuldy

  • 04.05.2024 20:49
  • 28k+

Çiliniň suwlarynda 1887-nji ýyldan bäri ýitip giden diýlip hasaplanylýan “perişde akula” tapyldy. Bu barada Ýewropanyň taksonomiýa žurnalynda çap edilen makala salgylanýan Yahoo News  habar berýär.

Süňkli balyk awlaýan balykçylara tor bilen iki sany akulany we bu seýrek ýyrtyjynyň bir sany kellesini tutmak bagty miýesser etdi.
"Perişde akula" ilkinji gezek XIX asyrda Çiliniň alymlary tarapyndan suratlandyryldy. Beýan etme juda nätakyk bolup, soňra üsti ýetirilmändir, sebäbi bu görnüşe taryhda bary-ýogy birnäçe gezek gabat gelnipdir we doly ýitip giden hasaplanypdyr.
Alnan nusgalar doňduryldy we Santýagodaky Milli tebigy taryhy muzeýe iberildi hem-de şol ýerde üns bilen gözden geçirildi. Alymlar munuň “perişde akula”-dygyny tassykladylar we oňa täze - Squantina Armata diýip ylmy at berdiler.
Uzynlygy bir metre golaý bolan bu ýyrtyjylaryň tekiz göwresi, kellesinde we arkasynda ýiti çeňňek görnüşli ösüntgileri, şeýle hem uly çişleri bar. Çaky olar guma çümüp, bukuda oturmak bilen aw edýän bolmaly.
Haýwanlaryň ýaşaýyş ýerleriniň ýok edilmegi, işjeň balyk tutmagy we kenarýaka zolaklarynyň özleşdirilmegi sebäpli olara ýok bolup gitmek howpy abanýar. Şonuň üçin alymlar bu seýrek görnüşler barada mümkin boldugyça köp zat öwrenmek we ony gorap saklamak meýilnamasyny düzmekçi. “Perişde akula” eýýäm Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna girizildi.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......