Ýaponiýada 6G synag edildi. Onuň tizligi 5G-den 20 esse ýokary

  • 03.05.2024 12:14
  • 6.2k+

Ýaponiýaly alymlar dünýäde ilkinji ýokary tizlikli 6G simsiz gurluşyny döredip, üstünlikli synagdan geçirdiler. Gurluş maglumatlary 100 metr aralyga sekuntda 100 gigabit tizlik bilen geçirmäge ukyplydyr – 5G-den 20 esse çalt.

Şeýle tizlik bilen sekuntda bäş sany HD filmi geçirip bolýar. Bu geçenki synaglar bilen deňeşdirilende, uly ösüşdir, sebäbi öň 240 Gbit/s çenli rekord tizlige ýetmek başartdy, ýöne aralyk bary-ýogy 20 metr boldy.
6G-niň 5G-den tapawudy, esasan, iş diapazonyndadyr. 5G, adatça, 40 GGs çenli diapazony ulanýar, 6G bolsa 100 GGs-den 300 GGs-e çenli diapazony ulanyp bilýär.
Ýaponiýanyň NTT Docomo we NTT operatorlary 6G-niň synaglaryna Fujitsu, NEC we Nokia enjam öndürijileri bilen başladylar.
6G torunyň 2030-njy ýyla çenli ýola goýulmagyna garaşylýar. Tehnologiýanyň has ýokary ýygylykly diapazonlary ulanýandygy sebäpli, signallary geçirmek we güýçlendirmek üçin düýbünden täze infrastruktura gerek bolar.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......