BYD Tesla-nyň üç aýdaky görkezijisine bir aýda ýetdi. Aprelde kompaniýanyň satuwy 49% ýokarlandy

  • 02.05.2024 21:46
  • 7.6k+

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi şu ýylyň aprel aýynda we 2024-nji ýylyň başyndan bäri awtomobil satuwy boýunça maglumatlary hödürledi. Kompaniýa geçen aýda 313 245 awtoulag satmagy başardy, bu bolsa 2023-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 48,96% köpdür. 2024-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýa 939 508 awtomobil satdy, ösüş 23,24%-e barabar boldy. Bu barada ixbt.com portaly belleýär.

2024-nji ýylyň aprel aýynda BYD 41 011 sany “täze energiýaly” ýolagçy awtomobilini satdy. Görkezilen aýda “täze energiýaly” awtomobillere oturdylan akkumulýatorlaryň we akkumulýator batareýalarynyň umumy kuwwaty 12,559 GWt/s, 2024-nji ýylda umumy oturdylan kuwwat bolsa, takmynan, 42,295 GWt/s barabar boldy.
Deňeşdirmek üçin, Tesla-nyň 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde awtomobil üpjünçiligi 387 müň birlik boldy. Başgaça aýdylanda, BYD aprel aýynda tas Tesla-nyň üç aýda satan awtomobilini satdy. 


24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......