Doganlar Grimmleriň golýazma bellikli 27 sany ýitirilen tomy tapyldy

  • 01.05.2024 15:24
  • 11k+

Polşanyň Poznan şäherindäki Adam Miskewiç uniwersitetiniň (AMU) kitaphanasynda doganlar Ýakob we Wilgelm Grimmleriň şahsy kolleksiýasyndan olaryň golýazma belliklerini saklaýan 27 sany asyl nusgadaky tom tapyldy. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Ikinji jahan urşy ýyllarynda ýitirilen diýlip hasaplanan Grimmleriň kitaphanasyndan tomlaryň gözlegi ýarym ýyla golaý wagt dowam etdi. Tapylan kitaplarda doganlaryň  “Genzel we Gretel” hem “Rumpelştilshen” ýaly hekaýalar üçin mowzuklary nähili saýlap alandyklaryny alymlara düşündirip biljek golýazma ýazgylary bar.

“Gözlegçiler bu ýazgylaryň doganlar Grimmleriň mirasyny öwrenmek üçin gymmatlydygyny, sebäbi olaryň doganlaryň iş usuly we mowzuk saýlaýşy barada düşünje berip biljekdigini belleýärler” – diýip, gazet ýazýar.


düýn 12:00
3.7k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......