Indi almazyň emele gelmegi üçin milliardlarça ýyl gerek bolmaz. Alymlar ony 150 minutda ýetişdirdiler

  • 28.04.2024 15:16
  • 23k+

Günorta Koreýanyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary almazy bary-ýogy 2,5 sagadyň dowamynda ösdürip ýetişdirmegiň usulyny oýlap tapdylar diýip, Hi-Tech ýazýar.

Ýeriň astyndaky aşa agyr şertlerde milliardlarça ýyllap emele gelýän tebigy almazlardan tapawutlylykda, täze usul otag basyşynda emeli almazlary sanlyja minutlarda döretmäge mümkinçilik berýär.
Munuň üçin hünärmenlere henizem ýokary temperatura, takmynan 1025 dereje gerek bolsa-da, deňiz derejesiniň basyşyna deň bolan, 1 atmosferanyň basyşy bilen 150 minutda üznüksiz almaz plýonkasy emele geldi, bu ozal talap edilýän basyşdan on müňlerçe esse azdyr.
Sintetik almaz köp sanly önümçilik proseslerine, elektronika we hatda kwant kompýuterlerine hem gerek, ýöne öňki çemeleşmeler boýunça olary öndürmek üçin birnäçe gün gerek we has köp basyş gerek bolýar. Eger täze tehnologiýa öz kuwwatyny durmuşa ornaşdyrsa, almaz almak prosesi has çalt we netijeli bolar.
Täze usulyň syry grafit goşulyp, gazyň täsirine sezewar edilen suwuk metallaryň ýörite garyndysyny ulanmakdan ybaratdyr. Munuň netijesinde gazyň uglerod atomlary almazyň gurluşyna geçip, “hatara düzülýär”.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....