Adidas bilen Nike zolak çyzyklaryň üstünde dawalaşýar. Germaniýada apellýasiýa prosesi başlady

  • 26.04.2024 11:31
  • 11k+

Germaniýanyň Adidas kompaniýasy bilen amerikaly ägirt Nike ýene-de kazyýetde garşylaşdylar. Dawa Adidas-yň öz dizaýnynyň bir bölegi hökmünde üç sany parallel zolagy ulanmagynyň üstünde başlady diýip, Die Zeit gazeti habar berýär.

2022-nji ýylda Adidas Nike-yň käbir balaklarynda şuňa meňzeş zolaklary ulanýandygyny aýdyp, bäsdeşini awtorlyk hukuklarynyň bozulmagynda günäkärledi. Şol ýylyň sentýabr aýynda Dýusseldorf kazyýeti amerikan öndürijisine Germaniýada bäş görnüşli sport balagyny satmagyny gadagan etdi.
2023-nji ýylda kazyýet bu karary tassyklady, ýöne Nike şikaýat etdi. Kompaniýa zolakly dizaýnyň "giň ýaýran we ýönekeý" hasaplanýandygyna we onuň ulanylmagynyň Adidas-yň önümlerini awtomatiki usulda göçürmegi aňlatmaýandygyna ynanýar.


22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

07.06.2026 10:17
6.4k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....