11 ýaşly gyzjagazyň tapyndysy gadymyýetdäki iň uly deňiz süýrenijilerini suratlandyrmaga kömek etdi

  • 22.04.2024 15:38
  • 22k+

Beýik Britaniýada 11 ýaşly Rubi Reýnolds we onuň kakasy Jastin paleontologiki açyş etmäge kömek etdiler. Gyzjagaz deňizde iň uly deňiz süýrenijilerine degişli äpet ihtiozawryň äňiniň bir bölegini tapdy diýip, PLOS One žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesine salgylanýan Naked Science habar berýär.

Ichthyotitan severnensis-iň - ölçeglerine we Sewern derýasyna  ýanalyp atlandyrylan Ihtiotitan Sewernyň uzynlygy 25 metre ýetdi. Taryhdan öňki äpet janawar takmynan 202 million ýyl ozal ýaşapdyr we Trias-urura heläk bolma wagtynda ýitirim bolupdyr.
Ihtiotanyň äňiniň ilkinji bölekleri 2016-njy ýylda daşa öwrülen galyndylary ýygnaýjy Pol de la Salle tarapyndan tapyldy. 2018-nji ýylda ol Mançester uniwersitetiniň Din Lomaksyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan beýan edildi. Şeýle-de bolsa, ýetginjek paleontologyň tapyndysy gözlegçileriň netijeleriniň üstüni ýetirmäge we netijelerini takyklamaga mümkinçilik berdi.
Tapyndyny özboluşly edýän zat bu ihtiotitanyň soňky belli geologiki garyndaşlaryndan takmynan 13 million ýyl soň ýaşanlygydyr.
Tapyndylar ýakyn wagtda Bristol muzeýinde we sungat galereýasynda görkeziler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....